Täsirli geçen söhbetdeşlik

3 Iýul 2024
289

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan işjeň agzalaryň gatnaşmagynda baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşlik hem täsirli çäreleriň biri boldy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan ugur alyp, gadymy Änew medeniýeti, bu topragyň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu günki barha özgerýän keşbi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Bu gün halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakda aýdylanlar hem ünsi çekiji boldy.

Maýa BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar