Türkmeniň ruhy çyragy

25 Iýun 2024
478

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky bu mukaddes toprakda ýaşap geçen beýik şahsyýetleriň sarpasyny belende göterýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmegi, bu senäniň bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry, ruhy çyragy, durmuş mekdebi. Beýik akyldar üç asyrdan bäri her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşaýar. Jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşan, nusgawy edebiýatyň esaslandyryjysy Magtymguly Pyragy, sözüň doly manysynda, milletimiziň milli mertebesidir. Şahyryň ajaýyp döredijiligi we baý edebi mirasi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş älem ylmynyň we ruhyýetiniň altyn hazynasyna öwrüldi.

Süleýman KAŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar