Il saglygy — ýurt baýlygy

25 Iýun 2024
601

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş edaralarynda oňaýly şertler döredilýär, saglygy goraýyş ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, zyýanly endikleriň garşysyna göreş çärelerini alyp barmak boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Arassa howanyň, ýokumly, arassa azyk önümleriniň ýeterlik möçberde bolmagy dürli keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda esasy şertleriň biridir. Şonuň bilen baglylykda, bu ugurda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleriniň üstüne hem uly jogapkärçilik düşýär. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri ýerlerde bellenilen meýilnamalaryň çäklerinde keselleriň öňüni alyş çärelerini halk köpçüligine giňden düşündirýärler, bu ugurda hereket edýän talaplara laýyklykda azyk önümleriniň maksadalaýyk saklanylyşyna, sanitariýa we gigiýena düzgünleriniň berk berjaý edilişine gözegçiligi doly amala aşyrýarlar.

Karkara AGAJANOWA,
Sarahs etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit gigiýenasy boýunça sanitar lukmanynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar