Beýik akyldara belent sarpa

24 Iýun 2024
547

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak bilen, söz ussadynyň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Beýik akyldaryň giň mazmunly, çuň manyly şygryýetiniň gymmaty günsaýyn ýokarlanýar, syrly pikirleri bolsa dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Şahyryň döredijiliginde watançylyk, gahrymançylyk, söýgi temalary eriş-argaç bolup geçýär. Ol şygyrlarynda ähli güýjüň, kuwwatyň, abraýyň iliňe, ýurduňa edýän hyzmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Akyldar şahyryň köptaraply döredijiliginde alymlar, ylym-bilim hakynda hem çuňňur pelsepäni görmek bolýar. Bu bolsa ýaş nesillere ylym-bilim öwretmekde, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde bahasyna ýetip bolmajak nesihatdyr.

Jeýhun Annagulyýew,
Bereket etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.
Beýleki habarlar