Päk zähmetiň joşguny

20 Iýun 2024
796

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden baýram ediljek ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daýhanlary, ýer eýeleri häzirki günlerde dowam edýän galla oragynda tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň ak ekin ussatlary bugdaý ýetişdirilen 42 müň 400 gektaryň hasylyny ýitgisiz ýygnamak hyjuwy bilen irginsiz zähmet çekýärler.

Sahawatly toprakdan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýan janypkeş daýhanlaryň şu şanly ýyldaky yhlas-azabynyň ýerine düşendigini giň gözýetime uzap gidýän dokmaňyz ak bugdaýly meýdanlar hem subut edýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Tawus Beknazarowanyň aýdyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly has bitginli boldy. Amatly howa şertleri, ýagynly günler, talabalaýyk geçirilen agrotehniki çäreler we daýhanlara döwlet tarapyndan berlen goldaw-hemaýatlar topragyň bol hasyl eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Orak möwsümine göwnejaý taýýarlyk bilen girişilmegi we işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy aýry-aýry daýhan hojalyklarynyň we gallaçy kärendeçileriň tabşyryga irki möhletde hötde gelmegine şert döretdi. Möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda «Ýaz meýdan», «Ýeke çeşme», «Arzuwlara ýeten», «Kärendeçi gyzlar» daýhan hojalyklaryny agzamak has-da ýakymly. Bu hojalyklarda, esasan-da, bugdaýyň «Alekseiç», «Bezostaýa — 100» ýaly görnüşleri ekilip, ýetişdirilen bol hasyl dänäniň bu sortunyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl bermäge durnuklydygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar