5,25 million amerikan dollaryna satyldy
Tutuş dünýäde meşhur bolan «Ýeke özi öýde» täze ýyl komediýasynyň surata alnan öýi satyldy. Çikagonyň eteginde ýerleşýän bu öýüň bahasy 5,25 million amerikan dollaryna deň boldy. Öýüň täze eýesi ol satlyga çykarylanyndan soňra, heniz bir hepde hem geçmänkä jaýy satyn aldy.