(Tymsal)
Gadym zamanlarda ýaşap geçen bir patyşa üýtgeşik bir köşk gurmagy buýranmyşyn. Onuň içinde her hili ajaýyplyklar köp eken. ªolaryň biri hem köşkde ýerleşýän ähli tarapy: diwarlary, ýokarsy, aşagy aýnalar bilen örtülen zalmyşyn. Ol aýnalar şeýle bir durumyşyn welin, zala girenler alnynda aýnanyň bardygyny birbada oňly saýgarybam bilmeýärmişinler. ªeýle-de ol zalyň diwarlary hem täsin usul bilen ses ýaňlanar ýaly edilip gurnalanmyşyn.