Dünýä ähmiýetli şahsyýet

11 Iýun 2024
395

Ýakynda Saýat etrabyndaky Sakar şäher medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ynha seniň bagtyýarlyk zamanaň aýla nazaryňy, seret, Pyragy» diýen at bilen tegelek stolun başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şahyryň döredijiligini içgin öwrenmek hem-de ony giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige kitaphana işgärleri we etrapdaky jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň many-mazmun aýratynlygy, terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, şahyryň goşgularyndan parçalar okaldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýazan goşgularyna döredilen hoş owazly aýdymlar ýaňlandy. Şeýle hem şahyryň eserlerinden düzülen sergi guraldy.

Tawus HAÝDAROWA,
TDP-niň Saýat etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar