Gymmatly hazyna

7 Iýun 2024
384

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýedir. Beýik akyldar şahyryň saýlanan eserlerini özünde jemleýän bu gymmatly kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çärelerine özboluşly many-mazmun çaýýar.

Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan welaýat derejesindäki dabara etrabymyzyň ýaşlarynyň köp sanlysyna gatnaşmak miýesser etdi. Şonda bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyş eden Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, beýik akyldaryň XVIII asyryň türkmen durmuşy, watançylyk, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi bilen bagly şygyrlarynyň ähmiýeti barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar