Ek­ra­ny sa­hy­pa­lar bi­len çal­şyň!

7 Iýun 2024
325

Soň­ky ýyl­lar­da dur­mu­şy­my­za giň­den or­na­şan ek­ran­lar – te­le­wi­zor, komp­ýu­ter, plan­şet, te­le­fon ki­tap oka­mak en­di­gi­mi­ze öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň hem-de elekt­ron ne­şir­le­riň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ka­gyz ki­ta­by oka­ma­gyň lez­ze­ti baş­ga­ça. Oka­mak dün­ýä akyl ýe­tir­mä­ge, kä­mil­leş­mä­ge we pi­kir­le­ri­ňi tä­ze­le­mä­ge ýol aç­ýar. Ki­tap oka­ma­gy yzy­gi­der­li ýo­la goý­mak kyn en­dik­le­riň bi­ri bol­sa-da, bi­ler­men­ler ki­tap bi­len dost­laş­ma­gyň aň­sat usul­la­ry­ny sal­gy ber­ýär­ler.

Mak­sat goý­mak. Il­ki bi­len ha­la­ýan ýa­zy­jy­la­ryň ki­tap­la­ry­nyň sa­na­wy­ny dü­züp, her ýyl şun­ça ki­tap oka­ryn di­ýip öz öňüň­de mak­sat goý­ma­ly. Il­ki­baş­da kyn ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, ki­tap­la­ryň ta­ga­my­ny da­dyp baş­la­ny­ňyz­dan soň, mak­sa­dy­ňy­za çalt ýe­ter­si­ňiz. Hat­da sa­naw­da­ky­dan daş­ga­ry ki­tap­la­ry hem okap bi­ler­si­ňiz. Oka­ma­ly ki­tap­la­ry­ňy­zyň sa­na­wy­ny hep­de­lik ýa-da bir aý­lyk düz­se­ňiz ýa­da­mar­sy­ňyz. Mun­dan baş­ga-da, her gün 20 mi­nut oka­mak, her hep­de 50 sa­hy­pa oka­mak, her aý 2 ro­man oka­mak ýa­ly me­ýil­na­ma­la­ry hem go­şup bi­ler­si­ňiz.

Beýleki habarlar