Saud Arabystanynda adaty bolmadyk täze taslama amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Er-Riýaddan uzak bolmadyk ýerde «Akwarabiýa» akwaparkynyň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, bu desga Ýakyn Gündogarda şuňa meňzeş iň iri desga bolar.
Akwaparkyň umumy eýeleýän meýdany 250 müň inedördül metre deň. Bu çäklerde 8 sany tematiki zolak ýerleşdiriler. Ýiti duýgulary başdan geçirmek isleýänler suw daglaryndan syrygyp düşüp bilerler, rahat dynç alşyň tarapdarlary bolsa daýwing (suwa bökmek) bilen meşgullanyp ýa-da howuzda ýüzüp bilerler. Akwaparkyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem sörfing üçin emeli tolkundyr. Akwaparkyň gurluşygyny 2025-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.