2-nji iýunda Meksikanyň dolandyryjy «Milli galkynyş hereketi» (MORENA) partiýasynyň dalaşgäri Klaudiýa Şeýnbaum Meksikada geçirilen Prezident saýlawlarynda 57 göterimden gowrak ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Ses berişligiň netijeleri ýurduň Milli saýlaw instituty tarapyndan habar berildi. Häzirki wagtda MORENA partiýasyna Meksikanyň häzirki Prezidenti Andres Manuel Lopes Obrador tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.
Şeýnbaumyň esasy bäsdeşi, «Meksika üçin güýç we ýürek» bileleşiginiň dalaşgäri Şoçitl Galwes bary-ýogy 30 göterimden gowrak ses aldy, onuň yz ýanyndan bolsa, 8 göterim ses bilen «Jemgyýetçilik hereketi» partiýasynyň dalaşgäri Horhe Alwares Maýnes gelýär. Ýurtda geçirilen saýlawlaryň resmi netijeleri sesler doly sanalandan soň 8-nji iýuna çenli mälim ediler.