Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana döredijiliginde gurluşy, aňladýan manylary we grammatik düzümleri babatda biri-birinden düýpli tapawutlanýan taryhy, edebi hem-de jemgyýetçilik gymmatlyklarynda işjeň ulanylýan, durmuş hadysalarynyň häsiýetlendirilişinde peýdalanylýan söz toparlarynyň sanlar bilen baglanyşykly göwherleriniň onlarça görnüşleri duş gelýär. Dünýä edebiýatynyň poeziýa žanry arkaly medeni, ylmy, ahlak, watançylyk, gözellik, tebigat, folklor bilen bagly gymmatlyklar, mukaddeslikler bilen kämilleşmegine uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän sanlaryň tebigaty bilen bagly matematiki adalgalary, arifmetiki we ykdysadyýet bilen bagly çeper beýanlaryny dil biliminiň morfologik, semantik ugurlary boýunça mukdar, tertip, ýönekeý, bölünmeýän, syrly, bütin, natural, täk, sada, goşma, tirkeş, galyndysyz, jübüt, çen-takmyn, garşydaş, bölek, ähtimallyga golaý, garşylykly, durnukly, alynma ... ýaly uzynlyk, göwrüm, wagt, agyrlyk, meýdan möçberlerini umumy, takyk görnüşlerde aňladýan toparlara, ulgamlara, nusgalara, mysallara we leksik birliklere bölmek bolýar. Sanlaryň edebi dildäki, jemgyýetdäki we ýazuw medeniýetindäki keşplerini, ornuny hem-de gadymy hindi, arap, ýunan, hytaý, pars, urdu, oguz, türki ylmy medeniýetinde ady rowaýata öwrülen sanlaryň gurşaw, salgylanma, deňeşdirme çözgütlerini, amallaryny, hakykatlaryny, güýjüni, ähmiýetini, mazmunyny we hilini öwrenmäge uly badalga berýän ussadyň şygryýet dünýäsinde matematika ylmyna degişli bolan sanlar dünýäsiniň togsandan gowrak görnüşleri duş gelýär. Medeniýetleriň, dilleriň we ylmyň bitewi üstünliklere beslenmegi üçin uly taryhy hyzmatlary bitiren Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän farsah (6 kilometre golaý uzaklyk), erenler, jöw (mysgalyň 1/96 bölegi), jüre, zerre, azym, neýsan, mizan, hazan, kurur (million), gije-gündiz, säher, enbiýalar, magryp, maşryk, akybet (san ýetmeýän ululyk), garyn (36 ýyl), gäwi (6 mil), gez (tirsekden barmagyň ujuna çenli bolan uzynlyk ölçegi), remezan, harman, tiri (Gündogar edebiýatynda her ýylyň 21-nji iýunyndan 21-nji iýuly aralygyny aňladýan ýörgünli çeper aňlatma), eýýam, menzil, şejerler, samad... ýaly sözleriň asyl kökleri, umumy hem-de köplük sypatlary sanlar bilen berk baglanyşyklydyr. Akyldar şahyryň lirikasynda sanlaryň ulanyş ýygylygy, dowamly gaýtalanyş alamatlary boýunça dürli hasaplaryň, algebra bölüminiň amallarynyň, halky, dogry, dürs usullardaky birlikleri, gündogar medeniýetiniň ölçegleri, ululyklary ilkinji orunda durýar. Magtymguly Pyragy özüniň döredijiliginde sanlaryň goruny we tilsimlerini sapar, güýç, mertlik, ynam, ykbal, maksadaokgunlylyk, kerem, nygmat, netijelilik, gadyrdanlyk, mistiki we mifiki paýhasyň düwlen bogunlarynyň çözgüdiniň jogaplary ýaly täze edebi tejribeler, filosofik nazarlar, akyl ýetirişiň ezber, üşükli gözýetimleri arkaly çeper baýlaşdyrmagy başarypdyr. Akyldar şahyryň «Batdy ýaranlar», «Ynsan ugraşsa», «Ýaşyl zümmerret», «Golda bary bolmasa», «Bilmezmiň», «Eýýamy tört», «Zarlar içinde», «Kaýda sen», «Habar ber-beýledir», «Sil galmaz», «Ýeldim tut», «Aýyň ýagşysyn», «Mübtela kyldy», «Jeň sesin aňsa», «Duman peýda», «Huşdan aýryldy», «Çowdur han», «Pyragy», «Göze myhmandyr», «Joşa ýetdiň», «Bili bolmasa», «Zor bolar», «Gözel Şirgazy», «Turgul diýdiler», «Bu dünýä», «Ýaşy nädendir», «Galar ýaranlar», «Joş gelse» ýaly liriki gazallaryny we birnäçe aýdyşyk goşgularyny dürli sanlaryň çeper teswirlenilişiniň iň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Hikmetli setirleri ynsan kalbyna melhem berýän aryfyň goşgularynda jadyly, hikmetli togsan (on sany dokuzlyk), kyrk (dört sany onluk) we ýigrimi bir ýaly sanlar hem uly orny eýeleýär. Söz dürleriniň nakgaşy, halky edebi dilde şygyr sungatynyň milli mekdebini ilkinji bolup esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň «Döker bolduk ýaşymyz» atly eseriniň üçünji bendinde:
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,