Aşgabadyň ajaýyp künjegi

7 Iýun 2024
338

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara şatlyk paýlaýar

Bil­şi­miz ýa­ly, ça­ga­la­ryň ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ra bes­le­nen to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi baş­lan­dy. Ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen dynç alyş me­ýil­na­ma­la­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň, we­la­ýat­la­ryň aja­ýyp kün­jek­le­ri­ne, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re, mu­zeý­le­re, se­ýil­gäh­le­re ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­la­ry­myz­da gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýän döw­re­bap ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, mek­dep­le­riň, sport, sa­gal­dyş, me­de­ni dynç alyş mer­kez­le­ri­niň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar. Şeý­le ýer­le­riň bi­ri hem paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän «Er­te­ki­ler dün­ýä­si» me­de­ni dynç alyş mer­ke­zi­dir. Bu ýer­de ýaş nes­liň wag­ty­ny gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­len­dir. Mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç al­şy­ny gu­ra­ma­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­dü­ler. Olar ýö­ri­te me­de­ni-dynç alyş mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar esa­syn­da me­de­ni dynç alyş mer­ke­zin­de her ýyl to­mus möw­sü­min­de dür­li ýaş­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen köp san­ly çä­re­ler gu­ral­ýar.

Beýleki habarlar