Birleşen Patyşalygyň Patyşasy Karl III şekili ýerleşdirilen banknotlar dolanyşyga goýberildi. Angliýanyň Merkezi banky 5, 10, 20 we 50 funt sterling gymmaty bolan pullaryň dolanyşyga girizilendigini mälim etdi. Şeýle-de bolsa, ýurduň ozalky hökümdary Ýelizaweta II suraty ýerleşdirilen pullaryň ulanylyşy dowam etdiriler. Täze banknotlar diňe zeper ýeten banknotlaryň öwezini dolmak we bu ugurda ýüze çykan zerurlygy kanagatlandyrmak maksady bilen çap ediler. Şeýlelikde, täze banknotlaryň örän seýrek boljakdygy bellenilýär. Ýüzünde Karl III şekili bolan banknotlar geçen ýyl çap edilipdi. Puluň ýüzünde Patyşanyň 2013-nji ýylda şazada wagty düşürilen suraty ýerleşdirilipdir.
Tirkeş JUMADURDYÝEW,