Mukaddes ýol-ýörelge

5 Iýun 2024
318

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary geçmişden geljege barýan köpri mysaly şöhratly taryhymyz, şanly şu günümiz, beýik geljegimiz barada söhbet açýar. Aslynda, ata-babalarymyzyň aýdyp geçişi ýaly, «Kitap — geçmişi, geljegi öwredýän dana». Kitaplar dünýäniň islendik ýerinden we islendik döwründen habar berýär. «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýlişi ýaly, olar her bir okyjynyň gözýetiminiň giňelmegine, dünýägaraýşynyň ösmegine itergi berýän möhüm şert bolup durýar. Kitaby köp okaýan adamyň mydama sözi agramly, pikiri-de çuň bolýar. Olar ýokary adamkärçiligi, medeniýeti bilen il içinde tapawutlanýar.

Görnükli türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýew: «Kitap göwnüňde pos bolsa, bulgur ýaly durlar, şähdiňe ganat beslär, ýetmeziň, ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar. Kitap duşmany tanamaga, bet pirimi aňlamaga, hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, Watanyňy, halkyňy, wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhuňy göterýän bir ylhamdyr» diýip belleýär. Kitap hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmekde iň ygtybarly ýardamçy, ýakyn dost we mährem mugallymdyr.

Umyt BAÝHANOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar