Halypa-şägirtlik däplerine eýerip

5 Iýun 2024
240

Golaýda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyplary goşun werzişgärligine geldiler. Goşun werzişgärligine gelen harby talyplara halypa-şägirtlik däbimize eýerip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda tejribeli serkerdelerden halypalar bellenildi. Harby talyplara goşun werzişgärliginiň dowamynda şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar sapaklaryna işjeň gatnaşmaklary, harby tehnikalarda abatlaýyş we bejergi işlerini geçirmekde özleriniň nazary bilimlerinden peýdalanyp, amaly mümkinçiliklerini berkitmekleri barada düşündirildi. Maslahatyň ahyrynda harby talyplara harby bölümiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan goşun werzişgärliklerini üstünlikli geçirmekleri arzuw edildi.

Begmyrat WELSAHATOW,
maýor.

Azat ESENOW,
maýor.
Beýleki habarlar