Ezber ussalaryň zähmeti

5 Iýun 2024
243

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde bolşy ýaly, podpolkownik Hydyr Öwezowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde hem harby tehnikalary, awtoulaglary abatlamak işleri sazlaşykly ýola goýlan. Harby bölümiň bu ugurdan tejribeli hünärmeni, maýor Amangeldi Bekeşowyň ýolbaşçylygynda, çagyryş boýunça harby gullukçy esgerler Berdimyrat Mämmetgurbanow, Guwanç Annaýew, Resul Atamyradow dagynyň yhlasly zähmetleri ýerine-de düşýär. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerip, kesp-kärlerine wepaly ýigitleriň bilelikdäki birleşen tagallalarynyň netijesinde, düýpli abatlanylan awtoulaglar we harby tehnikalar Watan goragynda zerur maksatlar üçin ulanylýar.

Albert DÖWLETOW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.

Garýagdy SEÝTIÝEW,
podpolkownik.
Beýleki habarlar