Dünýä ýaýylýan gymmatly miras

5 Iýun 2024
288

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taryhy tutumlary arkaly adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen edebi gymmatlygy miras galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýäniň çar künjünde dürli derejeli dabaralara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun alýan bu çäreler Gündogaryň beýik söz ussadynyň ýedi yklyma dolan at-abraýynyň, şan-şöhratynyň güwäsidir. Çünki akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, belent adamkärçilik ýaly umumadamzadyň ahlak belentligini açyp görkezýän kämil garaýyşlara ýugrulandyr. Beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygyndysynda ýerleşdirilen goşgularyň her biri muňa anyk subutnamadyr. Ýeri gelende nygtasak, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň üç dilde çap edilmegi söz ussadynyň jahanyň çar künjündäki dürli ýaşdaky okyjylary üçin sözüň doly manysynda ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň dünýä halklarynyň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berýändigi dogrusyndaky hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar.

Ajaýyp şygyrlary bilen durmuşa söýgini joşdurýan beýik akyldarymyzyň edebi mirasynyň dünýä ýaýylmagy üçin ähli tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Ýunus Erkinow,
Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar