Geçeni, geljegi öwredýän dana

5 Iýun 2024
285

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap adama ruhy baýlyk eçilip, dünýägaraýşyny giňeldýär. Şonuň üçinem halkymyz kitaba uly hormat goýýar. «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana» diýen paýhasyň  döremegi munuň subutnamasydyr. 

Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň kitap gaznasynda gymmatly kitaplar saklanylýar we okyjylara ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, türkmenler — medeniýetli, ylymly halk. Türkmen topragy özüniň ylym-bilim ojaklary, metjit-medreseleri, kitaphanalary bilen tapawutlanypdyr. Gadymy Köneürgenç, Merw, Nusaý, Dehistan, Amul ýaly şäherler barada gelip ýeten maglumatlarda bular dogrusynda aýdylýar. Irki döwürlerde medeniýetiň gülläp ösmeginde kitaphanalaryň orny örän uly bolupdyr. Bu hakykat dürli döwürlerde beýik ösüşleri, ruhy-medeni galkynyşlary amala aşyran dünýä halklarynyň taryhyndan hem, medeni ösüşlere mynasyp goşant goşan halkymyzyň taryhyndan hem aýdyň görünýär.

Tagantäç Maşanowa,
Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň Akguýy obasyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar