Elektron kitaphanalar – maglumat elýeterliliginiň möhüm ulgamy

25 Noýabr 2023
666

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüji we düýpli ylma esaslanýan paýhasly başlangyçlary netijesinde sanly ulgam jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýar. Şundan görnüşi ýaly, döwrebap tehniki açyşlardan we tehnologiýalardan peýdalanyp bilmek, ylmyň täze gazananlaryny özleşdirmek hem-de ony işiňe ornaşdyrmak ösüşiň, üstünlikleriň esasy talabydyr. Sanly bilim häzirki döwürde ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynda täzeçil usullaryň, döwlet ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar yzygiderli döredilýär we baýlaşdyrylýar. Elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we döwrebap ösüşleri üpjün edýär.

Eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi giň düşünjeli, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň baş şerti bolup durýar. Bu işlerde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de sanlaşdyrylan ulgama giňişleýin geçmek boýunça strategik özgertmeleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Şonuň üçin intellektual ulgamlar we täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny gündelik işimize çuňňur ornaşdyrmak bilen baglylykda gazanylýan netijeler aýratyn möhümdir. Innowasion tehnologiýalar täze pudaklaryň döremegini, ösmegini çaltlandyrmak bilen bir hatarda gündelik durmuşda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ylmyň esasy daýanjy bolan kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak ýaşlary okatmagyň, ylma çekmegiň netijeliligini artdyrýar. Bu kitaphanalarda iň täze tehnologiýalary netijeli peýdalanmak elektron kitaphanalary baýlaşdyrmak hem-de her bir okyja elýeterliligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Beýleki habarlar