"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşyl ekologiýa — gözel ýaşaýyş

Her güni ösüşlere beslenýän Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu derwaýys işi hemişe üns merkezinde saklaýar. Ata Watanymyzda saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň oturdylmagy, tokaý zolaklarynyň döredilip, howanyň üýtgemegine garşy aýgytly göreş çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy oňyn netijesini berýär. Ylhamyňa ylham, ýüregiňe joşgun berýän gür baglyklar göwnüňi göterýär. Güneşli Diýarymyzy  bagy-bossanlyga beslemek, tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak ählimiziň borjumyz bolup durýar. Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň gözelliklerini gorap saklamagy elmydama üns merkezinde saklan ata-babalarymyz ýaşyl baglaryň ajaýyp tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdir. «Bagym bar, barym bar», «Bag — barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» diýen nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr.

Ekologiýa abadançylygy – ählumumy bähbit

Tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak düşünjesi ata-babalarymyzyň paýhas gazanynda gaýnap, nesilleriň aň eleginde süzülip, ýol-ýörelge hökmünde biziň şu günlerimize çenli ýetip gelen maddy we ruhy baýlygymyzdyr. Bu babatda bir howadan dem alýan, bir derýadan suw içýän, bir sebitde, bir yklymda ýaşaýan dost-doganlyk halklaryň hem halkymyzyň parahat dünýäde, asuda asmanyň astynda abadan durmuşda ýaşamak ýaly pikirlerini, ýol-ýörelgelerini goldaýandyklarynyň şaýady bolmak ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirýär. Munuň şeýledigine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy we ol ýerde taryhy çykyş etmegi hem aýdyňlygy bilen subut etdi. Taryha altyn harplar bilen ýazylan bu waka ekologiýa ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, adamzadyň sagdyn gurşawy döretmek hakyndaky arzuwlaryny durmuşa geçirmek babatdaky beýik işlerini hem dabaralandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden eden çykyşynda gün tertibiniň möhüm meseleleri hökmünde howa we ekologiýa meselelerini çözmek barada aýratyn bellenilip geçildi.

Germaniýada howany goramak üçin ýük awtoulaglarynyň nyrhlary ýokarlandyrylar

Germaniýanyň mejlisinde 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap esasy ýollarda 7,5 tonnadan gowrak agramy bolan ýük awtoulaglary üçin tölegi ýokarlandyrmak boýunça kanun kabul edildi. Bu uglerod dioksidiniň zyňyndy töleglerini nyrhlara goşmak bilen amala aşyrylar. Kanunda bellenilişine görä, bu düzgün 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, agramy 3,5-den 7,5 tonna çenli bolan ýük awtoulaglaryna hem degişli bolar. Bu täze kanan ulaglardan çykýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen bolup, onuň kömegi bilen 2030-njy ýyla çenli umumy ulag duralgalarynda elektrik ulaglarynyň paýyny 35% -e çenli ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

Ekologiýa taýdan arassa ýurtlar

Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, daşky gurşawyň, ekologiýanyň arassalygy biziň ömrümiziň dowamlylygyny şertlendirýär. Şonuň üçin ABŞ-nyň Konnektikut ştatyndaky Ýel uniwersitetiniň Ekologiýa hukugy we syýasaty Merkeziniň alymlary her ýyl Ekologiýa işjeňliginiň indeksini düzýärler. 2022-nji ýylda bu merkeziň geçiren barlaglary netijesinde dünýäniň ekologiýa taýdan arassa döwletleriniň sanawy düzüldi. Bu sanawda ilkinji onlugy Daniýa, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa, Malta, Şwesiýa, Lýuksemburg, Sloweniýa, Awstriýa, Şweýsariýa we Islandiýa ýaly döwletler düzdüler. Barlag geçirilende, ýurtlaryň daşky gurşawy, tämiz howasy, ýaşamak üçin zerur şertleri, arassa agyz suwy, balyk gory, ekerançylyk we batgalyk meýdanlary, ýaşyl zolaklary, tokaýlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Iň ýokary ball 100 ball diýlip hasaplanyldy. Şonda Daniýa, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa döwletlerine degişlilikde, 77,9; 77,7; 76,5 ballar degişli boldy. Munuň özi bu ýurtlarda ekologiýanyň hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede arassadygyny görkezdi. Bu sanawda onluga giren ýurtlaryň iň pes baly 62,9-a deň boldy.

Gursakda joş alýar Watan söýgüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni kalbyňy heýjana salýan, gursakda köräp duran Watan söýgüsini barha möwjedýän şanly wakalardan, buýsançly hoş habarlardan doly. Baky Garaşsyzlygymyzyň şöhratly taryhynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýan, milli mukaddesliklerimiz hökmünde ýüreklerimize ornaýan bu ajaýyp pursatlar biziň ata Watanymyzyň röwşen ertirlerine bolan ynamymyzy berkidýär, röwşen geljegimiziň hatyrasyna yhlasly hem hyjuwly okamak, gurmak we döretmek höwesimizi artdyrýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öň ýanynda şaýat bolan wakalarymyz hem, «mawy ekran» arkaly eşiden hoş habarlarymyz hem biziň kalbymyzy şeýle bagtly pursatlara gaplady. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, ol köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde bolsa ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň bardygy biziň baýramçylyk şatlygymyza şatlyk goşdy. Ýokary okuw mekdebinde okaýan esasy ugrumyz daş- töweregimizi gurşap alan ekoulgam bilen baglanyşykly bolansoň bu taryhy çözgüt bizde çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän we bütin

Ekologik abadançylyk — eşretli durmuşyň girewi

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. BMG-niň belent münberinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly oňyn başlangyçlary öňe sürüp, şonuň bilen bir hatarda teklipleri girizdi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň dünýädäki ekologik meseleler babatda hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyk edýändigi nygtaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi öňe sürýändigini nygtap, bu oňyn başlangyjyň Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendigini aýtdy. Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň özara sazlaşygynyň saklanylmagy adamzadyň durnukly geljeginiň girewidir. Sebäbi senagat pudaklarynda, şol sanda him

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri aýawly saklamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlardyr. Şundan ugur almak bilen, tebigaty asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda oýlanyşykly işler amala aşyrylýar. Uzak we ýakyn ýyllary nazarlaýan maksatnamalarda hem bu ugurda toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulandyr. Ýaşyl zolaklary döretmek bilen, tebigy gurşawyň arassalygyny we abadançylygyny üpjün etmekde, Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, baýlaşdyrmakda, suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda alnyp barylýan işleriň uludygyny belläp geçmek gerek. Daşky gurşawy goramagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilip, bu ugurda döwrebap kanunlar kabul edilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary muňa mysaldyr. Olar tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawa antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan ony goramaga gönükdirilendir.

Balkan dagy — gözellikler mesgeni

Ýurdumyzyň tebigatynda daglar aýratyn orun tutýar. Dag gözelligi bilen özüne bendi edýär. Onuň sergin, jana tenekar howasynda seriň giňäp, keýpiň göterilip, ruhuň täzelenýär. Daga çykan adamyň göwni guş bolup uçýar. Uzaklardan howalanyp görünýän Balkan dagy gözelligi, howasynyň, çeşmeleriniň suwunyň arassalygy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygy hem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Uly Balkanyň iň beýik nokady Arlan deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde durýar. Oňa başgaça Düneşgala gerşi hem diýilýär. Uly Balkan bilen Köpetdagyň arasynda ýerleşýän Kiçi Balkanyň iň beýik gerşi bolsa deňiz derejesinden 777 metr belentlikdedir. Uly Balkan dagynda 250-ä golaý janyňa şypa berýän süýji suwly, ululy-kiçili çeşmeler bar. Durnagöz çeşmeleriň suwy bu ýerlerde mekan tutup ýaşaýan bürgüt, käkilik, ýabany towuk, daşdeşen ýaly guşlar, dag goçy, dag tekesi, tilki, towşan ýaly ownukly-irili haýwanlar üçin ýaşaýyş çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde, sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledimegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

Gülçi zenanlaryň bäsleşigi

Degre-daşy güller bilen bezelen eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ynha, bu gün hem, ýagny 15-nji sentýabrda  şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp ýurdumyzy gözelleşdirmek ugrunda zähmet çekýän gülçi bagbanlarymyzyň päk zähmetini dabaralandyrmak, ýaşlarda gözellige, zähmete, tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkeziniň «Nur» toý zalynda «Güller gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Baýramçylyk bäsleşigine Aşgabat şäheriniň Berkararlyk, Köpetdag, Bagtyýarlyk we Büzmeýin etraplarynyň bagçylyk müdirlikleriniň gülçi gelin-gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. 

Nurana geljegiň bähbidine

Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy (BMG), Araly halas etmegiň Halkara gaznasy (AHHG), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Azyk we oba  hojalyk guramasy (FAO), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de düzüm birlikler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegiň netijeli ýollaryny gözlemäge işjeň gatnaşýar.

Ekologiýa howpsuzlygy – döwlet syýasatynyň esasydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekolo

Ekologiýa abadançylygy — Zeminiň gözelligi

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hem-de ýerleriň şorlaşmagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzda tebigaty, biologik dürlüligi goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ekologiýa kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý seýilgählerini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän işler muňa şaýatlyk edýär. Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa abadançylygy — möhüm ugur

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14 – 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük iş saparyny amala aşyrar. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň esaslandyryjylary bolan Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary bilen duşuşar. Bulardan başga-da, iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda goňşy döwletler bilen dost-doganlykly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde birnäçe duşuşyklaryň bolmagyna garaşylýar. Ýer ýüzünde ekologiýa meselesi üns merkezinde saklanylýar, çünki ol ýaşaýşa özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, daşky gurşawy goramak Garaşsyz döwletimizde durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.

Ekologiýa abadançylygy bagtyýarlygyň binýadydyr

Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda her ýylda agaç nahallarynyň oturdylmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bu gün baglar ýurdumyzyň obalaryna, şäherçelerine, şäherlerine görk bermek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga möhüm täsirini ýetirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalar, düzümler bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly sebitleýin we halkara guramalar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşuldy. Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýäde barha giň goldawa eýe bolýar.

Gözelligiň egsilmez çeşmesi

Nurly mekanymyzyň üýtgeşik, özüne çekiji we örän baý tebigaty bar. Awazada bolanyňyzda, deňziň kenarynda tolkunlaryň hereketine syn edýän adamlary ýygy-ýygydan görensiňiz. Özümem tolkunlaryň kenardan yzyna serpilip, çägäniň üstünde özboluşly «nagyş» galdyryşyny synlamagy halaýaryn. Tolkunlaryň hereketi, «çalýan sazy» ýadawlygy aýyrýar. Günüň ýaşýan wagtynda deňziň kenary, gör, nähili ajaýyp! Şol wagt Gün tolkunlary gyzyl reňkiň dürli öwüşginleri bilen reňkleýär. Gör, nähili gözellik! Daglarymyzyň uçut gaýalary, bagly dereleri, ýerasty baýlykly çöllerimiz, lummurdap akýan derýalarymyz biziň tebigatymyzyň özboluşly gözelligine gözellik goşýar.

Sogaply işler ýurdy bezeýär

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär.  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi. Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak borjumyzdyr

Ata Watanymyz tebigy özboluşlylygy, ösümlik, haýwanat dünýäsi, daglarydyr düzleri, sährasy, deňizdir derýalary bilen aýratyn tapawutlanýar, olar özara sazlaşygy emele getirýär. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty esasy ugurlaryň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem bu ugurda täze kanunlar taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Olardan «Ösümlikleri goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, kanunçylyk namalarynyň birnäçesini görkezmek bolar. Ekologiýa abadançylygy howanyň arassalygyny üpjün etmegi, şäherleri gurşap alýan gök zolaklary ösdürmegi, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goragyny döretmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamagy öz içine alýar. Ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýasynyň tarapdary bolup, biologik dürlüligi gorap saklamak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň gurşawyny arassa saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde uly işjeňlik görkezýär. Şeýlelikde, BMG-niň Daşky gurşawy goramak

Hazar — täsin tebigy baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak, şol sanda Hazar deňziniň kenaryny syýahatçylyk, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha pür-pudak ýaýradýan agaç nahallary bu künjegiň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar. Hazar deňzi ajaýyp tebigy suw howdany bolup, onuň biologik we uglewodorod serişdeleri Hazarýaka döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň esasy baýlyklarynyň hatarynda durýar. Golaýda ýurdumyzda geçirilen Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat hem deňziň ekologiýasyny goramakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek işinde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Hünär bäsleşigi geçirildi

Şu gün, ýagny 24-nji awgustda paýtagtymyzyň «Altyn ýyldyz» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde yglan eden «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bagbançylyk iş tejribesini ýaýratmak, işbaşarjaň, höwesjeň bagbanlary ýüze çykarmak, dürli miweli, saýaly, pürli baglary ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ussat bagbanlaryň önümçilik we döredijilik ukyplaryny goldamak maksady bilen geçirilen bu hünär bäsleşigine deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagbanlaryň 6-sy gatnaşdy. Olaryň arasynda zenan bagbanlaryň, ýagny Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Güljan Agamämmedowanyň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkeziniň bagbany Jennet Towyýewanyň bolmagy buýsandyrýar.