Nurana geljegiň bähbidine

14 Sentýabr 2023
1314

Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Şu nukdaýnazardan, ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara dialoga işjeň gatnaşyjy hökmünde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy (BMG), Araly halas etmegiň Halkara gaznasy (AHHG), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Azyk we oba  hojalyk guramasy (FAO), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) we beýleki abraýly halkara guramalar hem-de düzüm birlikler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegiň netijeli ýollaryny gözlemäge işjeň gatnaşýar.

Annameret REJEPOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Beýleki habarlar