Ekologiýa taýdan arassa ýurtlar

17 Oktýabr 2023
1350

Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, daşky gurşawyň, ekologiýanyň arassalygy biziň ömrümiziň dowamlylygyny şertlendirýär. Şonuň üçin ABŞ-nyň Konnektikut ştatyndaky Ýel uniwersitetiniň Ekologiýa hukugy we syýasaty Merkeziniň alymlary her ýyl Ekologiýa işjeňliginiň indeksini düzýärler. 2022-nji ýylda bu merkeziň geçiren barlaglary netijesinde dünýäniň ekologiýa taýdan arassa döwletleriniň sanawy düzüldi. Bu sanawda ilkinji onlugy Daniýa, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa, Malta, Şwesiýa, Lýuksemburg, Sloweniýa, Awstriýa, Şweýsariýa we Islandiýa ýaly döwletler düzdüler.

Barlag geçirilende, ýurtlaryň daşky gurşawy, tämiz howasy, ýaşamak üçin zerur şertleri, arassa agyz suwy, balyk gory, ekerançylyk we batgalyk meýdanlary, ýaşyl zolaklary, tokaýlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Iň ýokary ball 100 ball diýlip hasaplanyldy. Şonda Daniýa, Beýik Britaniýa, Finlýandiýa döwletlerine degişlilikde, 77,9; 77,7; 76,5 ballar degişli boldy. Munuň özi bu ýurtlarda ekologiýanyň hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede arassadygyny görkezdi. Bu sanawda onluga giren ýurtlaryň iň pes baly 62,9-a deň boldy.

Jeýhun JUMAŞOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar