"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ekologiýa abadançylygynyň bähbidine dün­ýä­de or­ga­ni­ki se­riş­de­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ art­dyr­ylar

Ösen döw­rüň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, dür­li zy­ňyn­dy­la­ryň hem­-de önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa ýe­tir­ýän tä­si­ri­ne bag­ly­lyk­da, Ýer ýü­zü­niň ho­wa gur­şa­wy hem üýt­geş­mä se­ze­war bol­ýar. Bu ba­bat­da bar­lag ge­çir­ýän bi­ler­men­ler tä­ze göz­leg­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni be­ýan et­di­ler. Bi­ler­men­ler to­pa­ry­nyň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­dä­ki, tak­my­nan, 60 000 agaç gör­nü­şi­niň nä­hi­li ös­ýän­di­gi­ne ba­ha be­ril­di. Sel­jer­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, ola­ryň 30%-ine düý­bün­den ýok bol­mak how­pu­nyň aban­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Aýawly peýdalanmaly

Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň birine öwrüldi. Ýer togalagynyň ilatynyň köpelmegi, ekerançylyk ýerleriniň geriminiň giňemegi hem-de täze senagat desgalarynyň gurulmagy tebigy gorlary çäkli bolan agyz suwunyň sarp edilişiniň barha artmagyna getirýär. Bu günki gün tebigy baýlyklary tygşytlamak, daşky gurşawy goramak we senagatda, ýaşaýyş-jemagat ulgamynda hem-de oba hojalygynda suw serişdelerinden aýawly peýdalanmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Suw baýlyklarynyň geljekki nesillere-de elýeterli bolmagy üçin netijeli çäreleriň görülmegi wajypdyr. Hojalyk durmuşynda suw örän köp, käte bolsa biperwaý harçlanylýar. Munuň öňüni almak üçin öý hojalyklarynda suwuň sarp edilişini ölçeýän enjamlardan peýdalanylýar. ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak boýunça agentliginiň baha bermegine görä, şeýle çäre bütin dünýäde suwuň biperwaý sarp edilişini 20 — 40 göterime çenli peseldip biler.

Daşky gurşawy goramak borjumyzdyr

Daşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.  Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologik standartlara we talaplara laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy babatda hökmany tertipde degişli seljermeden geçirilýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär.

Ekologiýa — döwrüň wajyp meselesi

Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa abadançylygyny goramak, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, howany arassa saklamak, baglary, gülleri, dürli ösümlikleri köpeltmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny köpeltmek, olary gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda köp sanly işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, täze tokaý zolaklary döredilip, seýilgähler, medeni-durmuş, dynç alyş maksatly  merkezler  yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda  ýazky we güýzki  bag ekmek möwsümlerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Onda köp sanly miweli, pürli we saýaly agaç nahallary oturdylyp, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär. Şeýle-de ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady  bilen, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat alnyp barylýar. Şunlukda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalaryna goşulyp, durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Döwletimiz bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa maksatnamasy ýaly abraýly halkara we s

Türkmen jemgyýetiniň bagtyýarlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak hem ýurdumyzda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilim we terbiýe berilýär. Şonuň netijesinde-de geljekde daşky gurşawa aýawly çemeleşjek bagtyýar nesiller kemala gelýär.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş — saglyk hem ekologik arassaçylyk

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan her ýylyň 7-nji aprelinde geçirilýän Bütindünýä saglyk gününiň bu ýylky şygary «Biziň planetamyz, biziň saglygymyz» diýlip atlandyryldy. Bu şygar Ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny diňe bir sagdyn durmuşa çagyrman, eýsem, daşky gurşawymyzyň abadançylygyny, ekologiýany gorap saklamaga-da çagyryşdyr. Adamzadyň parahatçylykda, asudalykda, sagdyn durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen ynsanperwer çagyryşlara işjeň seslenýän halkymyz her ýylyň Bütindünýä saglyk gününde geçirilýän çärelere höwesjeň gatnaşýar. Saglygy baş baýlygy hasaplaýan watandaşlarymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 7-nji aprelinde hem hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş çäresini geçirdiler. Bu köpçülikleýin ýörişiň badalgasy Welosiped binasyndan başlandy.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 11—17-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+15o-dan +20...+22o aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+24o-dan +32...+34o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+l4o-dan +19...+21o aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23o-dan +31...+33o aralygynda maýyl bolar.

Peýdaly maslahatlar

Mähriban çagalar! Biler bolsaňyz, adam tebigatyň hojaýyny däl-de, onuň bir bölegidir. Eger-de gözel tebigatymyzy gorap saklamasak, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsine zyýan ýetirsek biz, ilkinji nobatda, özümize zyýan ýetireris. Sebäbi tebigat — biziň öýümiz. Tebigatda asla artykmaç zat ýokdur! Her bir janly-jandaryň, her bir ösümligiň öz wezipesi we tebigatda ýerine ýetirýän işi bar. Iň bärkisi, garynjalaryň şeýle kiçijik jandardygyna garamazdan, tebigata berýän peýdasy diýseň uludyr. Olar tebigatyň arassalaýjylarydyr. Ine, tebigata gözellik eçilýän kebelekleri alyp görenimizde-de, olaryň tebigatda iň jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýändigine şaýat bolýarys. Kebelekler gülleriň tozanlanmagyna ýardam edip, ekologiýamyzyň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýärler. Geliň, daşky gurşawy gorap saklamak üçin şu aşakdaky peýdaly maslahatlara gulak salalyň! • Kagyzy tygşytly ulanyň. Eger-de ýaňy surat çekmegi öwrenen jigileriňiz bar bolsa, arassa kagyzyň diňe bir tarapyna surat çekip, täze kagyz aljak bolsa, olara kagyzyň beýleki tarapyna hem surat çekmelidigini, kagyzdan tygşytly peýdalanmalydygyny öwrediň. Eger-de ulanylan kagyzlary zibile atman, ony gaýtadan işlemek üçin tabşyrylýan ýerlere berseňiz, bir tonna makulatura ençeme agajyň çapylmagynyň öňüni alýar.

«Til­ray Brands»: Mak­sa­dy­myz ýo­ka­ry gir­de­ji ga­zan­mak

Ame­ri­ka­nyň «Til­ray Brands» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 43,19 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di. Ha­sa­bat döw­rün­de kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry ABŞ-nyň 123,9 mil­lion dol­la­ryn­dan 151,9 mil­lion dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Şeý­le-de ha­sa­bat­da «Til­ray Brands» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýa­kyn­da sa­tyn alan Ka­na­da­nyň «Af­riya» kom­pa­ni­ýa­syn­dan 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 80 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji al­ma­gy mak­sat ed­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Tämiz hem kämil şäher

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş ynsanyýeti tolgundyrýandygy bilen baglydyr. Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleriniň öňüni almak babatda uly işler alnyp barylýar.

Hünärimizi döredijilikli özleşdirýäris

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda obasenagat toplumynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleriň ýokary taýýarlykly bolmagy döwrüň talaby bolup durýar. Biz — talyp ýaşlar üçin mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalyk işgärleriniň ähli tutumlaryna gatnaşmaga mümkinçilikleriň döredilmegi geljekde saýlap alan kärimiz boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegimize ýardam berýär. Häzirki günlerde okuw mekdebimize bölünip berlen meýdançalarda köpçülikleýin bag ekişine işjeň gatnaşýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge mynasyp goşandymyzy goşýarys. Ýokary okuw mekdebimiz bilen hyzmatdaş hojalyklaryň önümçilik binýadynda halypa mugallymlaryň we hünärmenleriň ýolbaşçylygynda agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnologiýalaryny özleşdirýäris. Miweli, saýaly we pürli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň we olary sebitler boýunça oturtmagyň kartasyny düzmegiň örän ähmiýetli aýratynlyklaryny öwrenýäris. Mysal üçin, meýdanlara yssa çydamly we suwsuzlyga durnukly tut nahallary oturdylsa, topragyň himiki düzümini arassalamaga ukyply bolýar. Tut agajy oňat kök ulgamyny alansoň, topragyň düzümindäki şory sorup alýar. Daglyk, baýyrlyk ýerlerde subtropiki agaçlary — nar, pisse we beýleki miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek amatly hasaplanylýar.

Tebigy gazdan alynýan önümler

Tebigy gazdan, ilki bilen, elektrik we ýylylyk energiýasyny alyp bolýar. Emma gazyň esasynda dökün, ýangyç, reňkleýji serişdeler we başga-da köp sanly önümler öndürilýär. Ýaşyl ýangyç. Tebigy gaz — gazylyp alynýan uglewodorod ýangyçlarynyň arasynda iň arassasy bolup durýar. Ol ýakylanda, diňe suw we kömürturşy gazy emele gelýär. Mundan başga-da, tebigy gaz ýakylanda emele gelýän kömürturşy gazyň emissiýasy iň pes derejededir, şonuň üçin hem ol «ýaşyl ýangyç» diýlip atlandyrylýar. Öz ýokary ekologik häsiýetnamasy üçin tebigy gaz energetika dünýäsinde öňdebaryjy orny eýeleýär.

Ekologik çäreler — sagdyn durmuşyň girewi

Türkmenistanda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler bu ugurda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 4—10-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12...+14o-dan +15...+17o aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+23o-dan +31...+33o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11...+13o-dan +14...+16o aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22o-dan +30...+32o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa hem terbiýe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa boýunça bilim bermegi kämilleşdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakyndaky» we «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ekologiýasy we daşky gurşawy goramak baradaky okuw sapaklary okadylýar. Orta mekdeplerde, ýörite orta hünär mekdeplerinde ekologiýa sapaklary, esasan, tebigaty öwreniş we biologiýa-geografiýa toplumyndan ybarat okuwlarda jemlenendir. Döwletimiziň ýokary okuw mekdeplerinde bu okuw sapaklarynyň okadylmagy bilen, talyplaryň tebigaty goramak taglymatynyň esaslaryny, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatyndaky syýasatyny bilmekleri üçin mümkinçilikler döredilýär. Bu sapaklarda ekologiýanyň esasy düşünjelerine, tebigatdan aýawly peýdalanmaga, tebigaty goramaga dahylly konwensiýalara we bütindünýä we sebit ähmiýetli ekologik meseleleri çözmäge Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygy beýan edilýär.

Ekologiýa abadançylygy

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen ekologiýa çäresiniň çäklerinde paýtagtymyzda bir hepdelik — 4-11-nji aprel aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Bu çäklendirme her gün sagat 08:00-dan 18:00 aralygynda dowam edip, ol ýurdumyzda ekologiýa goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Bir hepdeläp dowam etjek bu çäklendirme, esasan, hususy awtoulaglara degişli bolup, jemgyýetçilik ulaglary — awtobuslar we taksiler adaty tertipde hereket ederler. Paýtagtymyzda ýola goýlan bu başlangyç awtomobillerden daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmakdan we ekologiýa ulagy hökmünde welosipedi şäher ulag hereketine goşmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped ýörişleriniň yzygiderli gurnalmagy bilen bu möhüm ähmiýetli çärä raýatlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa bu jemgyýetçilik ulagynyň — welosipediň ähmiýetini has-da artdyrdy. Paýtagtymyzda bir hepde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi-de daşky gurşawy goramakdan, ekologiýany arassa saklamakdan, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekden, şeýl

Ekosaglyk — sap ösüş

Adamyň şähtiniň açyk, ruhunyň belent bolmagy, sagdyn ýaşamagynyň baş şertidir. Saglyk diňe bir fiziki, ýagny beden taýdan taplanmak bolman, eýsem, adamynyň tebigatdan, ýaşaýyş-durmuşdan hem netijeli ruhy lezzet almagydyr. Aňyň, akyl-paýhasyň yzygiderli ösmegi bilen ýaşaýyş ýeňilleşýär. Ynsanyň bilesigelijiligi esasynda islegleriniň artmagy bilen birlikde, tebigata aýawly çemeleşmegine, bar bolan gymmatlygyň ýitmek howpunyň öňüni almagyna, asyl durkunyň saklanyp galmagyna hyzmat edýär. Şeýle-de olaryň ählisiniň-de ynsanyň saglygyna, onuň bähbitlerini gönükdirilendir. Ýer ýüzüniň ähli lukmanlary tarapyndan näsaglara berilýän maslahatlaryň aglabasy günüň dowamynda howanyň salkyn wagty pyýada ýa-da welosipedli ýöriş etmek bilen baglydyr. Aýratyn-da bahar paslynda gözelliklerinden ylham alyp, welosipedli ýa-da pyýada gezelenç etmeklik, kükregiňi hoştap howadan doldurmaklyk islendik adamyny ruhy argynlykdan saplap, saglyga oňyn täsirini ýetirýändigi nygtalýar. Asyrlarboýy netijeli görkezijileri esasynda synagdan geçip gelýän bu ýörelge, ynsan saglygynyň tebigat bilen aýrylmaz baglydygyny görkezýär.

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Türkmenistanda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler bu ugurda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşnamalaryna laýyklykda, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, paýtagtymyzdaky ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günleri geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Diňe welosiped hakynda

  «7/24.tm», № 14 (97), 04.04.2022.  1830-njy ýylyň 21-nji aprelinde dünýä inen iňlis oýlap tapyjysy Jeýms Starli welosiped öndürýän kärhanany ilkinjileriň biri bolup döreden adam hasaplanýar. Onuň döreden «Coventry Machinist» kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup iki we üç tigirli welosipedleri öndürip başlapdyr. 

Baglar – zeminiň öýkeni

«7/24.tm», № 14 (97), 04.04.2022.  Ýaňy-ýaňylara çenli zemindäki agaçlaryň görnüşleriniň giňişleýin ýazgysy edilmändi. Diňe 2017-nji ýylyň aprelinde baglaryň ähli görnüşleriniň ýazgysy, olaryň ylmy taýdan atlandyrylyşy we dünýä ýüzüne ýaýraýyş aýratynlyklary baradaky syn halka ýetirildi. Şonuň ýaly-da, bu maglumatlaryň «Global Tree Search» diýip atlandyrylan onlaýn bazasy döredildi. Onda dünýädäki ähli agaçlar baradaky giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi. Ony taýýarlamaga gatnaşan alymlar muzeýlerden, botanika baglaryndan, oba hojalyk merkezlerinden we beýleki çeşmelerden maglumatlary çöplemek bilen häzirki wagtda dünýäde agaçlaryň 60065 görnüşi bar diýen netijä geldiler. Şonda diňe Dominikan Respublikasynda duş gelýän, diňe hekli toprakda ösýän «Abarema abbotti» agajyndan başlap, Hytaýdyr Gyrgyzystandan başga ýerde duşmaýan, seýrek, doly öwrenilmedik «Zygophyllum kaschgaricum» görnüşine çenli hasaba alyndy.