Peýdaly maslahatlar

11 Aprel 2022
2068

Mähriban çagalar! Biler bolsaňyz, adam tebigatyň hojaýyny däl-de, onuň bir bölegidir. Eger-de gözel tebigatymyzy gorap saklamasak, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsine zyýan ýetirsek biz, ilkinji nobatda, özümize zyýan ýetireris. Sebäbi tebigat — biziň öýümiz. Tebigatda asla artykmaç zat ýokdur! Her bir janly-jandaryň, her bir ösümligiň öz wezipesi we tebigatda ýerine ýetirýän işi bar. Iň bärkisi, garynjalaryň şeýle kiçijik jandardygyna garamazdan, tebigata berýän peýdasy diýseň uludyr. Olar tebigatyň arassalaýjylarydyr. Ine, tebigata gözellik eçilýän kebelekleri alyp görenimizde-de, olaryň tebigatda iň jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýändigine şaýat bolýarys. Kebelekler gülleriň tozanlanmagyna ýardam edip, ekologiýamyzyň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýärler. Geliň, daşky gurşawy gorap saklamak üçin şu aşakdaky peýdaly maslahatlara gulak salalyň!

• Kagyzy tygşytly ulanyň. Eger-de ýaňy surat çekmegi öwrenen jigileriňiz bar bolsa, arassa kagyzyň diňe bir tarapyna surat çekip, täze kagyz aljak bolsa, olara kagyzyň beýleki tarapyna hem surat çekmelidigini, kagyzdan tygşytly peýdalanmalydygyny öwrediň. Eger-de ulanylan kagyzlary zibile atman, ony gaýtadan işlemek üçin tabşyrylýan ýerlere berseňiz, bir tonna makulatura ençeme agajyň çapylmagynyň öňüni alýar.

«Güneş».
Beýleki habarlar