Türkmen jemgyýetiniň bagtyýarlygy

13 Aprel 2022
1116

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak hem ýurdumyzda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Häzirki wagtda Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine degişli halkara forumlar, maslahatlar, tejribe okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meseleleriniň biri bolan ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin okuw mekdeplerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaş nesle daşky gurşaw barada üznüksiz nazary we amaly bilim we terbiýe berilýär. Şonuň netijesinde-de geljekde daşky gurşawa aýawly çemeleşjek bagtyýar nesiller kemala gelýär.

«Esger».
Beýleki habarlar