Maksatlaýyn işlere giň gerim berilýär

2 Fewral 2023
947

Ýurdumyzda tebigaty goramak, baýlaşdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär. Tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär.

Ýakynda goraghanamyzda geçirilen ylmy-tehniki maslahatda geçen ýylda ýerine ýetirilen ylmy we gorag işleri baradaky maglumatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toplanan maglumatlar ýyl ýazgysy kitabyny taýýarlamak üçin esas bolup durýar. Goraghanamyzyň ylmy işgärleri gadymy Köýtendagyň ekologik ulgamyny dikeltmek we gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işlere giň gerim berilýär. Biziň goraghanamyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Täze başlanan ýylda hem maksatlaýyn işlere guramaçylykly girişdik.

Fahriddin HUDAÝŞUKUROW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar