Ýaşaýşyň çeşmesi

17 Ýanwar 2023
965

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz taryhy ölçegler boýunça uzak bolmadyk döwürde täzelenişiň hoşniýetli alamatlaryny jemleýän ösüş-özgerişlere beslendi. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, raýat jemgyýetiniň orny hem-de jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi has-da ýokarlandy. Her bir adamyň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bitewülikde bähbitlerini kepillendirýän kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, parahatçylyk arkaly ösüşiň täze belentliklerine badalga berilmegi bilen, ýaş döwletimiz umumadamzat ösüşiniň ummanyna goşuldy. Milli demokratiýany kämilleşdirmek we giňeltmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul edilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä derejesinde belende göterildi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda geçirilen Döwlet Maslahaty möhüm taryhy waka hökmünde eziz Diýarymyzyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açdy. Ýokary guramaçylyk we ruhubelentlik derejesinde geçen bu şanly waka ata Watanymyzyň hukuk, demokratik, dünýewi esaslarynyň mizemezliginiň, türkmen halkynyň jebisliginiň aňlatmasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeleriň gazanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar