Edilen işler seljerilip, täze wezipeler kesgitlendi

6 Ýanwar 2023
691

Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň arasynda «Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar» diýen şygar astynda ýanwar maslahaty geçirildi. Şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçirilen maslahata gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde guralan sergini synladylar. Döwrüň ýokary talaplaryndan ugur alyp, öz işlerine döredijilikli çemeleşýän bilim işgärleriniň iş tejribelerini açyp görkezýän sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».
Beýleki habarlar