«Dalbar» nyşanly tagamlar

20 Dekabr 2022
954

Ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagynyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen bezelmegine welaýatymyzyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Datlydan tagamly çörek we konditer önümlerini öndürip, ak bazarlardyr söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirýän telekeçileriň biri-de Merdan Çüriýewdir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan ady agzalan telekeçiniň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki önümçilik kärhanasynyň işi barha ilerleýär. 2020-nji ýylda döredilen bu kärhanada ilkibaşda «Dalbar» haryt nyşanly önümleriň birnäçe görnüşi öndürilen bolsa, häzirki wagtda olaryň sany has-da artdy. Işi üç çalşykda ýola goýlan kärhanada bu gün buhankanyň, gatlama we ýagly çöregiň, pişmäniň, kökedir tortuň datlydan tagamly görnüşleri öndürilýär.

Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler.
Beýleki habarlar