Durmuş zerurlygynyň berk binýady

20 Dekabr 2022
741

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurduň oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmegiň esasy ugurlary bellenilýär. Bu döwürde ilatyň azyk önümlerine hem-de senagatyň çig mala bolan islegini ýerli önümçilikleriň hasabyna üpjün etmek, maldarçylyk önümleriniň bazarynda importy ýerli önümçilikleriň hasabyna çalyşmak, şeýle-de ýer we beýleki tebigy serişdeleriň önüm berijiligini ýokarlandyrmak döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin maksatnamada oba hojalyk toplumynda halkara ülňülerine laýyk gelýän we ilaty azyk bilen doly üpjün edýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri döretmek meýilleşdirilýär.

Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň hem-de ekilýän ýerleriň howa we toprak şertlerine gabat gelýän ýokary hilli bugdaý tohumlaryny saýlap ekmek, ekine öz wagtynda ýerli we mineral dökünleri bermek, daýhanlar bilen oba hojalykçy alymlaryň arasynda gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýup, ylmyň we tejribäniň gazananlaryny utgaşdyryp ulanmak, oba hojalygyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we dünýäniň iň oňat tejribelerini ornaşdyrmak daýhanlara bugdaýdan bol hasyl almaga şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär hem-de döwletimizde azyk bolçulygyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeliligini tassyklaýar.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar