Ýurdumyzyň altyn gaznasy

14 Dekabr 2022
606

Hormatly Prezidentimiz telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ugurlary ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşinde möhüm wezipeleriň hatarynda goýdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigi barada şeýle belleýär: «Döwletimiziň telekeçilere berýän degerli kömegi ykdysadyýetiň hususy böleginde öndürilýän önümleriň görkezijileriniň san we hil taýdan ösmegine, olaryň görnüşleriniň artmagyna getirýär. Geljekde uly ösüşleri gazanmaga mümkinçiligi bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hatarlarynyň sany gitdigiçe artar».

Kiçi we orta kärhanalar, adatça, öz işlerini ýerli islegiñ möçberinden we gurluşyndan, ýerli bazaryñ zerurlyklaryndan we mümkinçiliklerinden ugur alyp amala aşyrýarlar. Kiçi we orta telekeçilige ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Şeýle hem, bu «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň maksatlary bolup durýar.

Jeren AKMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar