Arzan hem arzyly

19 Oktýabr 2022
1592

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek baradaky syýasaty esasynda Mary şäherindäki «Röwşen» hususy kärhanasy döwletimiz tarapyndan berilýän uzak möhletleýin ýeňillikli karz serişdäniň hasabyna önümçiligi ýola goýdy. Täze, döwrebap kärhananyň dünýäniň köwüş önümçiligindäki iň kämil tehnologiýaly tikin maşynlary hem-de beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny aýtmak has-da ýakymly. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň hemmesi Italiýa, Germaniýa ýaly döwletleriň ýokary tehnologiýaly önümleridir. Şol önümler kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň görnüşlerini hem-de möçberlerini artdyrmaga, hilini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Bu ýerde häzir ýaşlaryň 150-den gowragy zähmet çekýär. Netijede, kärhanada öndürilýän aýakgaplaryň önümçiliginiň möçberi ozalkydan üç esse artdy.

«Röwşen» hususy kärhanasynda aýakgap önümçiligi üçin gerekli çig mal — ekologiýa taýdan arassa we beýleki tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýokary hilli gön «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýär. Bu alyjylara hödürlenilýän ýokary hilli aýakgaplaryň bahalarynyň elýeterli bolmagyna ýardam edýär. Hususy kärhananyň öndürýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply aýakgaplaryna bu gün diňe bir içki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da barha köp isleg bildirilýär. Telekeçiler öz öndürýän önümlerini häzir Russiýa Federasiýasyna tapgyrlaýyn ugradýarlar. Kärhanada her gün dürli görnüşli aýakgaplaryň 500 jübüti öndürilýär. Önümler kärhananyň ýurdumyzyň welaýat hem etrap merkezlerindäki, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen dükanlary arkaly alyjylara ýetirilýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar