Bazar ykdysadyýetiniň hereketlendirijisi

2 Oktýabr 2022
1828

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýedi aýda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu görkezijiler şu ýylyň sekiz aýynda, degişlilikde, 168,6 we 114,8 göterimdir. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda Diýarymyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragynyň TSTB-niň agzasydygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar