Konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy öndürýän şekerli we şekersiz sakgyçlary-da diňe çagalaryň däl, ulularyňam islegli harytlarynyň hatarynda durýar.
Habarçymyz paýtagtymyzyň käbir dükanlarynda bolup, iň geçginli sakgyçlar barada gyzyklananda, satyjylaryň aglabasy «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň öndürýän şekersiz sakgyçlaryna islegiň köplügi barada gürrüň beripdirler.