Ekologiýa abadançylygynyň hukuk goragy

18 Awgust 2022
1386

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşlerine, ilatymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere ulaşýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, üstümizdäki ýylyň maý aýynda «Ösümlikleriň karantini hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilip, herekete girizilmegi ekologiýa abadançylygyny, daşky gurşawy we ösümlik dünýäsini goramak babatda alnyp barylýan işlerde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary bilen Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda daşky gurşawyň goragyny we amatly ekologiýa gurşawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan anyk işleriň subutnamasydyr. Ösümlikleriň goramagyň Döwlet maksatnamasy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen kabul edildi.

Döwlet BURINOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy.
Beýleki habarlar