Dünýä bilen aýakdaş

3 Awgust 2022
1062

Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ykdysady strategiýa esasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşy düýpli üýtgedi, pudaklaryň kuwwaty ep-esli artdy. Bu senagat toplumynda hem şeýle häsiýete eýe boldy. Toplumda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşine uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär.

Innowasion ösüşlere gönükdirilen ugruň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde täze döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Ýurdumyzda täze önümçilikler döredilýär, şolaryň birisi elektron we elektroniki harytlary önümçiligidir. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Geçen ýyllarda ýurdumyzyň orta mekdeplerine birinji synpa okuwa baran körpelere niýetlenilen kompýuterleriň şu kärhanada öndürilmegi örän buýsandyryjydyr. «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan brendi bilen tor enjamlary — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlar, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyrylmasy üçin programma we tehniki ulgamlary: kassa enjamlary, POS-terminallary, çek-çap ediji gurluşlary, pul gutulary, ştrih kodlary skanerleýjiler, ştrih kodlary çap ediji gurluşlar we şuňa meňzeşler öndürilýär.

Beýleki habarlar