Syýahatçylygyň göwher gaşy

2 Awgust 2022
1610

Awaza diýlende, sebitde deňi-taýy bolmadyk syýahatçylyk merkezi göz öňüne gelýär. Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özüniň gözel ymaratlary, binalary, desgalary bilen görenleri haýrana goýýar. Syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen myhmanhanalarda, akwaparklarda, dürli görnüşdäki attraksionlarda dynç almak, saglygyňy dikeltmek we göwün açmak üçin ähli amatlyklar döredilen. Awazanyň kenaryny merjen mekana öwüren, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu döwrebap desgalarda, binalarda dynç alyp ýören myhmanlaryň şatlykdan doly ýüzünde bagtyýarlygy, ruhy galkynyşy görmek bolýar. «Berkarar», «Seýrana», «Täjir», «Daýanç», «Hazyna», «Deňiz» ýaly birnäçe myhmanhanalar we

ýaht-klublary, dürli yşyklar bilen bezelen suw çüwdürimli seýilgähler — bularyň her biri adamyň ýokary derejede medeniýetli dynç almagy üçin döredilen amatly şertleriň diňe bir ülşüdir. Çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, açyk we ýapyk görnüşli basseýnler, türgenleşik zallary, Vip restoranlary arzuw edilýän behiştiň wysaly bolup, bu ýere gelip, jenneti ülkäni öz gözleri bilen gören her bir adamda ýene-de gelmek islegini döredýär. Ekologiýa taýdan arassa howa gurşawy, deňiz suwy, Awazanyň özboluşlylygy aýratyn bir gözelligi döredýär.

Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».