Önümçilikde ekologik deňeçerlik

16 Iýul 2022
1355

Ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň we muňa degişli ululy-kiçili halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Bu ugurda öz jogapkärçiligine doly we dogry düşünýän Türkmenistan hem daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Ykdysady işiň Ýer ýüzüniň ýaşaýyş gurşawyna ýetirýän ýaramaz täsirini ýeňip geçmek dürli çeşmeleriň we ugurlaryň özara toplumlaýyn işlerini talap edýär. Hojalyk galyndylarynyň arassalanmagyna edilýän harajatlary, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, şeýle-de serişdeleriň ikilenç ulanylmagyny şolaryň esasylary hökmünde görkezmek bolar. Häzirki döwürde tebigatdan peýdalanýan ulgamlardaky hereketler hem üýtgeýär. Ýaňy-ýakyna çenli şol hereketler maddy önümçiligiň çalt ösmeginiň bähbidine gulluk edýärdi. Indi ylmy-tehniki ösüşe laýyklykda, ykdysady barlaglaryň ekologik düzüm bölegi güýçlenýär, ekologik taýdan arassa taslamalary işläp taýýarlamak ileri tutulýar. Daşky gurşawy goramak boýunça wajyp çemeleşmeler belli bir maksada gönükdirilen makroykdysady syýasatyň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu köp babatda ýurduň ykdysady ösüşiniň derejesine baglydyr. Önümçiligiň giň we bitewi ulgamlarynyň bolmagy ekologik howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Döwletleriň özara ykdysady gatnaşygy bolmazdan, galyndysyz ýa-da az galyndyly önümçiligi döretmek mümkin däl.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar