Ösüşiň esasy ugry

6 Iýul 2022
1226

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata eýeçilik gözi bilen garap, onuň gözelligini goramagyň we artdyrmagyň aladasynda bolupdyr. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşdirilip, şanly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi ilatyň abadan ýaşaýşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşdyrylýar.

Daşky gurşawa aýawly garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklaryndan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär.

Gülälek JUMANAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň taryh mugallymy.
Beýleki habarlar