Hazar — parahatçylyk, dostluk, ylalaşyk deňzi

28 Iýun 2022
1305

Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri hökmünde bellidir. Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri özara gatnaşyklary üstünlikli alyp barmak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ýollaryny gözleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gadymy Hazara parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk deňziniň derejesiniň berilmegine ählitaraplaýyn ýardam edýär. Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyny doly herekete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirýär, çünki Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy kenarýaka ýurtlaryň söwda-ykdysady we ulag babatdaky ýakynlyk derejesine bagly bolup durýandygy düşnükli ýagdaýdyr. Ine, Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti hem sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegini nazarlaýan çözgütlere badalga bermäge gönükdirilendir. Aşgabat sammitinde ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere garalar. Bu forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. V Hazar sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda resminama gol çekilipdi. Bu resminamanyň taslamasynyň işlenilip düzülmegi bolsa, 2002-nji ýylda Türkmenistanda başlanypdy.

Aslynda, biziň ýurdumyzyň Hazar sammitleriniň we degişli resminamalaryň işlenip düzülmeginiň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygy aýratyn bellärliklidir. Hemişe hyzmatdaşlygy, ylalaşygy, ösüş arkaly parahatçylygy ileri tutýan döwletimiz Hazar deňziniň dostluk deňzi bolmagy, dürli ugurlarda kenarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň we bu ugurda şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ösdürilmegi ugrunda ähmiýetli orun eýeleýändigi guwandyryjy hakykatdyr. Hazar sammitleriniň geçirilmegine Türkmenistanda badalga berlip, 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Ilkinji Hazar sammiti geçirilipdi.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar