«Ýaşyl altynyň» gymmaty

7 Iýun 2022
1382

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasyna laýyklykda daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanmak «ýaşyl ykdysadyýet» syýasatynyň mazmunydyr. Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk pudaklary kuwwatly depginlerde ösýär. Hil, mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar we toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Abadançylyk, ösüş maksatlaryna ýetmekde adamzadyň ilkinji ygtybarly hemrasy bolup gelýän ösümlikleriň görnüşlerini artdyrmak, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ynsanlyk borç hasaplanylýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň milli derejedäki toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi, yklymlaryň, sebitleriň arasynda ählumumy ähmiýete eýe bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegi, netijeli çözgütleri işläp taýýarlamagy, onuň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl ykdysadyýetiň» diplomatik ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaklyk tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakda, energiýanyň täze çeşmelerini, netijeli usullaryny öwrenmekde, ekologiýany goramakda hem-de gaýtadan dikeltmekde oňyn täsirini ýetirýär. Sebit we ählumumy derejede daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen işlerde dünýäniň ösen tejribesini ulanmak arkaly uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek, tebigaty gorap saklamak, rejeli peýdalanmak bilen bagly işlenip düzülen uzak möhletleýin maksatnamalary, taslamalary esasynda ýurdumyzyň durnukly ösüşi amala aşyrylýar. Şeýle-de ösümlikleriň ynsan durmuşynda tutýan orny, biologik köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde-de Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldaw tapýar.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar