Daşky gurşawyň aba­dan­çy­ly­gy

5 Iýun 2022
1376

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň döw­let we dün­ýä äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­rin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zyň, gö­zel­lik­le­ri­mi­ziň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, eko­lo­gi­ýa yl­my esas­da öw­re­ni­lip, jem­gy­ýet bi­len te­bi­ga­tyň ara­syn­da öza­ra bag­la­ny­şyk ke­ma­la gel­ýär. Oňa yl­my dil­de «eko­lo­gik gat­na­şyk­lar» di­ýil­ýär.

Jem­gy­ýet bi­len te­bi­ga­tyň bag­la­ny­şy­gy he­mi­şe­lik­dir we üz­nük­siz­dir. Tö­we­rek­dä­ki te­bi­gy gur­şaw ada­myň ýa­şaý­şy­nyň şer­ti we se­riş­de­si hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň öza­ra gat­na­şy­gy yk­dy­sa­dy we eko­lo­gik gör­nüş­de ýü­ze çyk­ýar. Bu öza­ra gat­na­şy­gyň yk­dy­sa­dy gör­nü­şi te­bi­gy gur­şa­wyň se­riş­de­le­ri­ni sarp edip, jem­gy­ýe­tiň mad­dy we ru­hy is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin te­bi­gat­dan peý­da­lan­ma­gy aň­lad­ýar.

Be­genç­dur­dy SA­PA­ROW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar