Eko­lo­gik aba­dan­çy­lyk ugrunda

4 Iýun 2022
1372

Te­bi­ga­ty, has any­gy, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi — ekoul­ga­my go­ra­mak ýur­du­my­zyň dur­muş öz­gert­me­le­ri­niň esa­sy ug­ru­ny düz­ýär. Türk­me­nis­tan di­ňe öz çä­gin­de ýa-da se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­de hem eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de ne­ti­je­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär, bu ba­bat­da öňe sü­rül­ýän oňyn baş­lan­gyç­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Bu bol­sa ýa­şaý­şyň we umu­my eko­lo­gik gur­şa­wyň go­wu­lan­ma­gy­na amat­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hä­zir tu­tuş dün­ýä eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mä­ge we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär.

«Te­bi­ga­ty go­ra­mak ne­sil­le­ri go­ra­mak­dyr» di­ýen aýt­gy­ny kö­pi­ňiz eşi­den bol­sa­ňyz ge­rek. Te­bi­gat bi­len yn­sa­nyň bi­te­wü­di­gi in­kär edip bol­ma­jak ha­ky­kat­dyr. Ola­ryň öza­ra saz­la­şyk­da bol­ma­gy, je­bis­li­gi adam­za­dyň howp­suz we aba­dan ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän il­kin­ji ze­rur şert­dir. Ýur­du­myz­da te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni, daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak ýa­ly me­se­le­le­riň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­me­gi gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Hä­zir­ki wagt­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, top­ra­gy­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ula­nyp, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar.

Oraz AB­DY­ÝEW.
«Türk­me­nis­tan».
Beýleki habarlar