Rowaçlygyň girewi

19 Maý 2022
1193

Daşky gurşawyň goraglylygy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Durnukly ösüşiň maksatlarynda ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça ýerine ýetirilmeli işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmek oňyn netijeleri berýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyndaky çykyşynda: «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem biziň parlamentarilerimize uly we döredijilikli işler garaşýar. Azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, elýeterli lukmançylyk we bilim biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidir» diýip belledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda tebigy baýlyklary gorap saklamak, olary aýawly peýdalanmak, ähli pudaklara  sanly ulgamy ornaşdyrmak, ata Watanymyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak biziň ata-babalarymyzdan galan ajaýyp mirasymyzdyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynda suwa, topraga, haýwanat dünýäsine, bagy-bossanlyklara bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar hökmünde uly sarpa goýulýar.

Häzirki döwürde döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylyp, howanyň arassalygyna, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan kärhanalara we beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda ýaşyl ýörelgäniň aýratyn ähmiýeti bar. «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeler esasynda ýurdumyzda her ýyl ýazda we güýzde obadyr şäherlerde pürli, saýaly, miweli we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn hem Aşgabat şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektary tutýan tokaý zolaklarynyň kemala getirilmegi oba hojalyk önümçiliginde durnuklylygyň üpjün edilmegine, çölleşme hadysalarynyň öňüniň alynmagyna möhüm täsir edýär.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar