Eýýamyň sungaty, döwrüň zynaty

18 Maý 2022
1043

Hormatly Prezidentimiziň täze başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi günsaýyn özgerýär, gül görki gaýtalanmajak gözellige beslenýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde häzirki wagtda ajaýyp binagärlik hem ekologik aýratynlyklar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, täze döwrümiziň döredijilik kuwwatyny halkymyzyň asyrlara ýalkym saçýan gurmak ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak esasynda dürli öwüşginli, belent başly desgalar bina edilýär. Halkymyzyň buýsanjy Aşgabat dünýäniň ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek dabaralary arkaly goldawy, goşan goşandy üçin halkara güwänamasynyň berilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ol ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Şäher gurluşygynyň dünýä tejribesindäki hem-de milli binagärlik däplerindäki iň ösen talaplaryna laýyk gelýän her bir gurluşykda şäher ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar. Ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap ýollaryň, ýanýodalaryň, ýerasty geçelgeleriň gurulmagy, täze-täze desgalaryň bina edilmegi ajaýyp işleriň aýdyň nyşanydyr. Gözel paýtagtymyzyň günorta böleginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy bolsa alys geljegi nazarlaýan şähergurluşygynyň ajaýyp nusgasydyr. Köpetdagyň eteginde häzirki zaman şäher gurşawy, tokaý-seýilgäh zolaklary döredilýär, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bürünç heýkeliniň howalanyp oturan medeni-seýilgäh toplumy döredilýär. Abadan hem owadan paýtagtymyzda şäher ilaty üçin durmuş-ýaşaýyş şertleriniň iň ýokary derejesi üpjün edilýär, iň esasy-da, täze gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň her biri gül görkli bezegleri, kaşaňlygy, özboluşly binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar