Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuş

13 Maý 2022
1359

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň üçünji plenar mejlisi «Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy» atly mowzukda geçdi. Ekologiýa abadançylygy, ilkinji nobatda, sagdyn hem abadan durmuşdyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde amala aşyrylýar. Bu ugurda yzygiderli görülýän çäreler dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa heläkçilikleriniň öňüni almak boýunça dünýä möçberindäki hukuk resminamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara ilkinjileriň hatarynda goşuldy.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen üçünji plenar mejlisi Täjigistan Respublikasynyň wekili alyp bardy. Çykyş edenler, ilki bilen, foruma gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilik we türkmen myhmansöýerligi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Sebitde ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler bilen birlikde, bu babatda Garaşsyz Türkmenistanda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini bellediler, gök baglyga bürenen Aşgabadyň gözelliginiň waspyny ýetirdiler.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar