Täze ýokary okuw mekdebi gurlar

18 Aprel 2022
1730

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hoş habarlara, buýsançly wakalara beslenip geldi. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli guralan foruma gatnaşmagy hem-de TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekmegi taryhy ähmiýete eýe boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen gol çekilen Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar