«Düzmergeniň» pomidorlary

12 Aprel 2022
1230

Uly Balkan dagynyň degresindäki mes toprakly Düzmergen ýaýlasynda bina edilen häzirki zaman ýyladyşhananyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişlidigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri hususy pudagyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkiýe Respublikasynyň, Gollandiýanyň ösen enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler kuwwatly tehnologiýalara, kämil kompýuterlere daýanylýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talabalaýyk ýola goýmakda hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen, ekerançylyk meýdany 4 gektara, umumy tutýan meýdany bolsa 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana täze iş orunlarynyň birbada 60-a golaýyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu ýyladyşhanada agrotehniki talaplara laýyk idegi ýetirilen pomidorlary ýygnamak işi «Halkyň

Tuwakgylyç WELIÝEW,
TSTP-nyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar